Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watanymyzyň parahatsöýüjilikli syýasatyny wasp edýän sungat eserlerini dünýä ýaýmakda giň şertler döredilýär. TDÇA-nyň mugallymlary, talyp ýaşlary özleriniň Parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzyň waspyny, özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk gelýän, döwrebap ajaýyp täsin işeri bilen sergiler gurnaýarlar.
14-nji maýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrylmagy mynasybetli “2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly döredijilik sergisi açylýar.
Sergä okuw jaýymyzyň talyp ýaşlary we mugallymlarynyň ajaýyp işleri bilen gatnaşdylar. Eserlerde türkmen halkynyň Milli lideriniň dünýäde parahatçylygy, dost doganlygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça asylly başlangyçlary mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň giň gerimli işleri wasp edildi. Sergilenen işler täze taryhy eýýamda durmuşa geçirilýän hoşmeýilli daşary syýasatymyz, sebitde we dünýäde parahatçylygyň durnukly ösüşiň, halklaryň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen ägirt uly işler öz beýanyny tapdy. Elbetde, bu işleriň ählisinde ussat halypalardan bilim alan ýaş suratkeşleriň portret, taryhy, durmuşy, peýzaž, natýurmort žanrlarda türkmen halkynyň geçmişini we şu gününi, milli aýratynlyklaryny, tebigatymyzyň özboluşlylygyny suratlandyrmakda üstünlik gazanandygymyzy görmek bolýar. Olaryň içinde eziz Watanymyzyň parahat keşbini, ýagny daglardyr-düzlükleri, giň sähralyklary, deňizdir-derýalary, ülkämiziň gözel ýerleri bilen baglanşykly ussatlyk bilen çekilen taslama işlerini görmek bolýar.
Sergilenýän taslama eserleri sähralygyň giň giňişligi, parahatçylygyň, erkinligiň we ösüşiň duýgusy döredýär. Tebigatyň bu häsiýetleri, Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün edýän tagallalar halkyň ruhy ýagdaýyna uly täsir edýär. Sungat ussatlarynyň bu ajaýyp eserlerini synlamana gelen myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Ýaş suratkeşler türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşatmak ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlaryny beýan edýärler.
Çemen ANNAMURADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler