Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda bilim alýan Çary Akmyradow öz zehini we yhlasly zähmeti bilen döwlet we halkara derejesindäki bäsleşiklerde ýokary üstünlikleri bilen tapawutlanýar.
Ol 2023-nji ýylyň 16-18-nji dekabrynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen “INFOMATRIX-ASIA” atly halkara döredijilik bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem 2023-nji ýylyň 16-njy martynda geçirilen robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly dersler boýunça umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň arasynda gurnalan döredijilik bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 1-nji orny eýeledi.
Innowasion pikirleri bilen tapawutlanýan Çary Akmyradow 2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan gurnalan “Innowasion tehnologiýalar” bäsleşiginde 3-nji orna, ýagny bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem 23-24-nji sentýabr aralygynda geçirilen “Robot şüweleňi” atly bäsleşigiň taslama ugry boýunça hem 3-nji orny eýeläp, baýrak bilen sylaglandy.
Halkara derejesindäki üstünlikleriniň arasynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen “UNIPO” (Universal Project Olympiad) atly halkara onlaýn olimpiadanyň 2023-nji ýylda geçirilen tapgyrynda 2-nji, 2024-nji ýylda bolsa 1-nji orna mynasyp bolmagy aýratyn bellärliklidir.
Şeýle-de Beýik Britaniýanyň London şäherinde 2024-nji ýylyň 26-njy apreli – 13-nji maýy aralygynda geçirilen “iWISE” (The International – World Innovative Student Expo) halkara bäsleşiginiň wirtual final tapgyrynda bolsa kümüş medala eýe boldy.
Bilim ulgamynda hem ýokary netije görkezýän Çary Akmyradow “FISO” (Future Intelligence Student Olympiad) halkara olimpiadasynda Biologiýa dersi boýunça bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle hem “SOF” (Science Olympiad Foundation) halkara olimpiadasynda Iňlis dili dersi boýunça 2023-nji ýylda baş baýrak, 2024-nji ýylda bolsa altyn medala eýe boldy. Şeýle üstünlikleriň hatarynda “Эрудит-онлайн” halkara olimpiadasynda hem Iňlis dili boýunça altyn medal gazanmagy bellärliklidir.
Bu üstünlikleriň her biri ýaş zehiniň bilim, ylym we döredijilik ugrundaky tagallalarynyň miwesi bolup, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejesinde üstünlik gazanmak üçin giň mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.
Teswirler