Haly önümlerinde türkmen bedewleriniň waspy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda şan-şöhraty dünýä dolan eziz Diýarymyzyň her bir güni  toýdur baýramlara beslenýär. Mälim bolşy ýaly her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy ýudumyzda döwlet derejesinde bellenilip gelinýär. Bu baýramçylyk mynasybetli dürli bäsleşikleriň geçirilmegi bedew atyň türkmeniň ruhy dünýäsinde ornunyň ýokarydygyny aňladýar.

Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurt baştutanlygynda şöhratly taryhymyzy, ata-babalarymyzyň  asylly ýol-ýörelgesini çuňňur öwrenmäge we dünýä ýaýmaga, olary geljekki nesillerimize ýetirmäge giň ýol açyldy. Bu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly döredijilik sergisi açyldy.

Sergide sungat ojagymyzyň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň döredijilik eserleri sungatyň dürli ugurlarynda ýerine ýetirildi. Eserlerdäki şekillendirilen bedewler gözelligiň hem-de wepalylygyň nyşany bolup,  ýurdumyzyň milli baýlygy hasaplanylýar. Sergide çeperçilik akademiýasynyň Amaly-haşam sungaty kafedrasynyň mugallymy Bahar Pirgulyýewanyň “Miras” atly şekilli haly işi, şeýle-de mugallymyň ýolbaşçylygynda 1-nji ýyl talyplary Türkmenistanyň kartasynyň şekilini hem-de bedewiň gözel keşbini ýantorbanyň  ýüzünde ýerine ýetirilen işleri bilen gatnaşdylar.

Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarymyz gündeki durmuşda haly ýantorbalaryny giňden peýdalanýar. Türkmen ýantorbalary çitme, palas, kilim we kakma usulynda ýerine ýetirilýär. Ýantorbalaryň ýüzünde bedewiň keşbini şekillendirmek ussatlygy talap edýär. Sebäbi her bir çitimiň dogry çitilip dokalmagy bilen şekil emele gelýär. Ýantorbalardaky türkmen  bedewiň görküne görk goşmak üçin,  ene-mamalarymyzyň döreden milli nagyşlaryny ýoýman içýan agyz, şelpe, gölçe, kiçi göl, erikgül, gülýaýdy we ş.m. nagyşlaryň dürli görnüşlerini ussatlarça çitmek usuly arkaly ýerine ýetirdiler. Döredijilik sergisindäki sungat eserleri tomaşaçylara we ýaş nesillerimize özüniň täsirini  ýetirdi.

Tawus GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň uly ylmy işgäri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok