Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli sport we medeni çäreler geçirildi. Her ýylda şu sene mynasybetli hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda guralýan köpçülikleýin welosipedli ýörişler sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu çäreler halkymyzyň saglygyny goramakda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrydygyny aýdyň görkezýär.
Bütindünýä Saglyk güni ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip başlandy. Şu ýyl bu halkara baýramyň 75 ýyllygy mynasybetli BSGG – «Sagdyn başlangyç — nurana geljek» diýen şygary saýlap aldy. Bu bolsa dünýäde eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga aýratyn üns berilýändigini görkezýär.
Türkmenistanda hem sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda hem-de jemgyýetçilik saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda kabul edilen «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda döwrebap lukmançylyk edaralary guruldy, jemgyýetde sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirildi.
Ýurdumyz Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Netijede, ýokanç kesellere garşy göreşde üstünlik gazanyldy. Şeýle hem eneligi we çagalygy goramak, ýokanç däl kesellere garşy çäreleri güýçlendirmek boýunça halkara derejesinde ykrar edilen strategiýalar kabul edildi. Milli maksatnamalar esasynda temmäkiden azat jemgyýeti döretmek, ilatyň kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak ýaly möhüm ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň bu ugurda gazanýan üstünlikleri BSGG-niň we beýleki halkara guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Munuň özi halkymyzyň saglygyny goramakda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Jennet GARAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler