2025-nji ýylyň 2-nji aprelinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Rumyniýanyň Buharest şäherindäki Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň kinoteatr zalynda türkmen kino günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu medeni çäre Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan guraldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguzhan adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan surata düşürilen filmler tomaşaçylara görkezildi.
Çärä Rumyniýanyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri, Rumyniýada işleýän diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, ylmy we döredijilik toparlarynyň agzalary, şeýle hem Rumyniýada ýaşaýan türkmen raýatlary we talyplar gatnaşdylar.
Açylyş dabarasynda çykyş eden Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi Annamämmet Annaýew we Rumyn daýhançylygynyň milli muzeýiniň baş direktory Wirjil-Stefan Nitulesku iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikirlere ünsi çekdiler.
Ilçi Annaýew çykyşynda türkmen kinofilmleriniň görkezilmeginiň Türkmenistanyň hem-de Rumyniýanyň halklarynyň medeni taýdan has-da ýakynlaşmagyna hyzmat etjekdigini belledi.
Öz çykyşynda Wirjil-Stefan Nitulesku bolsa türkmen hökümetine minnetdarlyk bildirip, bu çäre arkaly Rumyn halkynyň türkmen medeniýeti we kinematografiýasy bilen ýakyndan tanyşmak üçin mümkinçilik döreýändigini nygtady. Şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky medeni gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň
uly mugallymy.
Teswirler