2025-nji ýylyň 26-njy martynda Moskwadaky M.I.Rudomino adyndaky Daşary ýurt edebiýaty kitaphanasynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan kitap sergisi geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy tarapyndan gurnaldy we oňa kitaphananyň ýolbaşçylary, Russiýada akkreditlenen daşary ýurt diplomatlary, meşhur dilçiler, edebiýatşynaslar, alymlar, medeniýet işgärleri, žurnalistler hem-de türkmen talyplary gatnaşdylar.
Sergide Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan ýazylan, ýurduň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny açyp görkezýän eserler aýratyn orun eýeledi. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşasyn parahat durmuş!”, “Jan Watanym Türkmenistan!” we “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygyrlaryndan setirler okaldy.
Myhmanlar türkmen Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tematik wideoşekiller bilen tanyşdylar we bu möhüm sene mynasybetli 2025-nji ýylyň dekabrynda geçiriljek esasy halkara foruma taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti bilen türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Daşary ýurt edebiýaty kitaphanasyna sowgat berildi.
Orazmyrat Guljanow,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.
Teswirler