Sport — ösüşiň we rowaçlygyň nyşany

Türkmenistan sporty ösdürmek, sagdyn durmuşy wagyz etmek we ýaşlary bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höweslendirmek babatynda uly üstünliklere eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda sport infrastrukturalarynyň döwrebaplaşdyrylmagy, halkara ýaryşlara gatnaşmak we ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly sport toplumlary, stadionlar we türgenleşik merkezleri gurlup, ilatyň sport bilen meşgullanmagy üçin amatly şertler döredildi. Türkmen türgenleri dürli halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýärler. Aýratyn hem, agyr atletika, söweş sungaty, ýeňil atletika we suwa ýüzmek ýaly ugurlarda türkmen türgenleriniň gazanan üstünlikleri belent derejede bellenilýär.

Türkmenistanda sport diňe bir bedenterbiýe bilen çäklenmän, ýaş nesliň terbiýelenmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Sport bäsleşikleri we sagdyn durmuş ýörelgeleri milli däp-dessurlarymyz bilen utgaşdyrylyp, jemgyýetde güýç-kuwwaty we ruhubelentligi höweslendirmäge ýardam berýär.

Geljekde hem sportuň dürli ugurlarynda üstünlikleri gazanmak, ýaş türgenleri taýýarlamak we halkara arenalarda ýurdumyzyň sport abraýyny ýokarlandyrmak boýunça işleriň dowam etdirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmen sporty ösüşiň we rowaçlygyň nyşany bolup, ýurdumyzda sagdyn jemgyýetiň kemala gelmegine uly goşant goşýar.

Guwanç REJEBOW,

Tejen etrabynyň Altyn asyr
şäheriniň sport mekdebiniň müdiri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok