Döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi guralar

2025-nji ýylyň 17 — 19-njy mart aralygynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli Birleşmäniň agzalarynyň sergisi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy geçiriler. Şeýle-de bu çäreleriň çäklerinde ilkinji gezek döwrebap lybaslaryň halkara moda görkezilişi hem guralar. Munuň özi moda biparh bolmadyk halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň sanawyna girizilen Aşgabada gönükdirer.

Hususan-da, halkara moda görkezilişiň çäklerinde Türkmenistanyň Dokma ministrliginiň Modalar öýüniň, şeýle-de «Mähirli Zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» ýaly modalar öýleriniň dizaýnerleri tarapyndan milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyrylyp taýýarlanylan lybaslar görkezilişe çykarylar.

Şeýle-de halkara moda görkezilişinde Italiýanyň, Marokko Patyşalygynyň, Fransiýanyň, Oman Soltanlygynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň toplumlary moda söýüjilere hödürleniler. Aýratyn bellenilmeli tarapy, Aşgabatda geçiriljek bu halkara moda görkezilişi moda dünýäsiniň abraýly neşirleridir teleýaýlymlary tarapyndan giňden şöhlelendiriler. Olaryň hatarynda «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlary, «Vanity Fair», «Vogue», «MARIE CLAIRE ARABIA», «GRAZIA», «HELLO RUSSIA», «ELLE» žurnallary we «FASHION NETWORK» gazeti bar.

Guramaçylyk topary tarapyndan taýýarlanylan ýörite maksatnama esasynda daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen türkmen paýtagtynyň gözel künjekleri bilen tanyşmaga hem mümkinçilik alarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok