Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly täze kitaby türkmen halkynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň çuňňur ylmy esasda öwrenilmegine, pähim-paýhasly taglymatlarynyň dünýä edebiýatyndaky ornuny açyp görkezmäge bagyşlanan ajaýyp neşirdir. Sekiz bölümden ybarat bolan bu kitap şahyryň mirasynyň many-mazmunyny çuňňur beýan etmek bilen, ony häzirki döwrüň pikir we ruhy gymmatlyklary bilen sazlaşdyrýar.
Täze kitapda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň parahatçylyk, ynsanperwerlik we doganlyk ýaly ümmülmez gymmatlyklary ösdürmekdäki täsiri jikme-jik açylyp görkezilýär. Kitapda şahyryň durmuş ýoluna, eserleriniň ylmy taýdan seljerilişine, şeýle-de onuň eserleriniň häzirki zaman jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky ähmiýetine giňişleýin baha berilýär. Kitap türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitap görnüşinde çap edilip, owadan fotosuratlar bilen bezelen bolmak bilen, ol diňe bir ylmy jemgyýetçilik üçin däl, eýsem, çeper edebiýatyň we Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň muşdaklary üçin hem örän gymmatly çeşme bolup durýar.
4-nji ýanwarda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda bu kitabyň parahatçylygyň we dostlugyň dabaralanmagynda, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi. Çärä gatnaşan Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem-de daşary ýurtly myhmanlar şahyryň pikirleriniň ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygynda we daşary syýasat ugrunda eýeleýän ornuny nygtap, kitap barada ýokary baha berdiler.
“Magtymguly – dünýäniň akyldary” atly kitap türkmen halkynyň milli mirasynyň halkara derejesinde wagyz edilmegine möhüm goşant goşmak bilen, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň häzirki döwürde-de gymmatly we ygtybarly ýolbeletdigini ýene bir gezek äleme aýan edýär. Bu ajaýyp neşir täze ýyly bellemek bilen, türkmen halkyna, şeýle hem bütin dünýä edebiýat söýüjilerine beýik akyldaryň mirasyny has çuňňur duýmaga mümkinçilik berýär.
Döwlet BERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler