Mekdep okuwçylary üçin aýdym-sazly konsert geçirildi.

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp ýaşlar üçin medeni çäre guraldy. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «Diller Dünýäsi» dil merkezi, “Ýaş Telekeçiler” merkezi, S. Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän döwlet mekdep-internaty bilen bilelikde geçirdi. Çärä internatyň mekdep okuwçylary, «Diller Dünýäsi» dil merkeziniň diňleýjileri we mugallymlar gatnaşdy. Şeýle-de, ýurdumyzyň birnäçe meşhur aýdymçylary we sazandalary çykyş etdi. Olar:

  • Şad Öwez,
  • Aysuluw Gurdowa,
  • Gözel Orazmyradowa,
  • Merdan Jumadurdyýew,
  • Gara (Emir Ayas) ady bilen tanalýan sungat ussady.

Bu medeni çäräni  Myradow Kadyr we Ataýew Akmuhammet (Gezegen) ýaly meşhur alypbaryjylar alyp bardy.

Bu medeni çäre S.Türkmenbaşy adyndaky umumy bilim berýän döwlet mekdep-internatynda erkin görnüşde geçirildi. Onuň çäginde çagalary höweslendirmek maksady bilen dürli görnüşli oýunlar, aýdym-sazly çykyşlar we sowgatly sorag-jogap bäsleşigi gurnaldy.

Gurnalan çykyşlaryň dowamynda çykyşlara gatnaşyjylaryň her birine ýadygärlik sowgatlar berildi. Şeýle-de medeni çäräniň guramaçylygyna hemaýatkärlik eden “Täze Älem” kitap dükanynyň adyndan taýýarlanan bijeli sowgatlar paýlandy.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu aýdym-sazly çäre Aşgabadyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýdy.

Bitaraplyk güni agzybirlik we parahatçylyk nyşany hökmünde dabaralandyrylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok