Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaby boýunça kitap okamak bäsleşigi geçirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda «Biz kitaphon jemgyýeti kemala getirmelidiris. Munuň üçin dünýä tejribesinden nusga alyp, öz tejribelerimizi peýdalanyp, käbir zatlary has kämilleşdirip, milli öwüşginler bilen baýlaşdyryp bileris» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp ýurdumyzda ýaşlarda kitap okamak endigini ösdürmek maksady bilen birnäçe işler amala aşyrylýar. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Ýaş kitapsöýüjiler» gurnagy tarapyndan yglan edilen kitap okamak bäsleşigidir. 2024-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bu bäsleşigiň jemi jemlenildi. Oňa türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň talyplarynyň 100-den gowragy gatnaşdy.

Kitap okamak bäsleşi Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölümi esasynda geçirilip, onuň jemleýji tapgyrynda gatnaşyjylar 50 sany test soragyna jogap berdiler.

Gündogaryň beýik akyldary, dana şahyr Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur, alarnyň ýanynda şeýtan bolarmy» diýip örän jaýdar belläp geçipdir. Şeýle kitap okamak bäsleşikleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesilleriň kitap okamaga bolan höwesiniň, söz gorunyň artmagyna, ýatkeşliginiň ýiti bolmagyna, pikirleniş ukybynyň kämilleşmegine uly goşant goşýar.

Yhlas HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok