Kosmosdaky iň gymmat asman jisimi, Mars bilen Ýupiteriň arasyndaky asteroid guşagynda Gün ulgamy boýunça hereket edýär. Ady “Davida” bolan asteroidiň diametri 270 kilometre barabar bolup, nikel, kobalt, demir, wodorod we altyn ýaly gymmat bahaly metallardan ybarat bolup, bahasy haýran galdyrdy.
Gözleg wagtynda ýüze çykarylan “Davida” atly asteroidiň bahasy 15 trillion dollar (15,000,000,000,000,000,000,000 $) hökmünde kesgitlenildi. Bu asteroid asman jisimleriniň maglumatlar bazasy bolan “Asteran” tarapyndan tapyldy.
“Davida” atly asteroid tutuşlygyna nikel, kobalt, demir, wodorod we altyn ýaly gymmat bahaly metallardan durýar. Gymmatlygy bilen “Davida” kosmosdaky iň gymmatly asteroid bolup durýar.
Kosmosdaky iň gymmatly asteroidleriň arasynda ikinji orunda durýan Çikago takmynan alty trillion ABŞ dollaryna barabardyr, emma gymmaty “Davida”-nyň ýarysyna hem ýetmeýär.
Bulardan başga-da kosmosda, Alauda (5,41 trillion dollar), Diotima (4,24 trillion dollar), Palma (4.07 trillion dollar), Winçester (3,94 trillion dollar) ýaly gymmatly asteroidler bar.
Gülälek AGAMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler