«Arkadag» futbol kluby ýoldaşlyk duşuşygynda BAE-nyň toparyny ýeňdi

“Arkadag” futbol kluby ilkinji halkara ýaryşyna – AFK Çagyryş ligasynyň 2024/25 möwsümine taýýarlyk işlerini dowam etdirýär. Topar Dubaýdaky türgenleşikde bolan mahalynda, möhüm duşuşyklardan öň synag bolan ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.

20-nji oktýabrda Wladimir Baýramowyň şägirtleri ýerli “Al-Hamriýa” kluby bilen duşuşdy. Bu duşuşyk “Arkadag” klubynyň 2:1 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Ýaryş 26-njy oktýabrdan 2-nji noýabr aralygynda merkezleşdirilen formatda geçiriler. Bije çekeleşigiň netijelerine görä “Arkadag” futbol kluby Günbatar zolagyň “B” toparyna düşdi. Onuň garşydaşlary Kuweýtiň “Al-Arabi”, Maldiw adalaryň “Maziýa sport” we Gyrgyzystan “Abdyş-Ata” toparlary boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, döredilen wagtyndan bäri (2023-nji ýylyň bahary) hiç bir resmi duşuşykda utulmadyk topar gysga taryhynda milli rekordlaryň birnäçesini täzeledi. Ýeňişlere we üstünliklere beslenen ýollar topary bassyr ikinji çempionlygyna alyp geldi. Bu çempionlyk topara 2025 – 2026-njy ýyllaryň möwsüminde yklym ýaryşlaryna gatnaşmaga mümkinçilik berýär.

Rahman ABDYRAHMANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok