Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri tamamlandy

17-nji oktýabrda, Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu gatnaşyklar ähli döwürlerde hem halklaryň arasynda dostlugyň, özara düşünişmegiň köprüsi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede giňden bellenilmegini munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Şu gezekki döredijilik çäresi bolsa iki döwletiň taryhy we ruhy gymmatlyklary umumy bolan halklarymyzyň dostlugyny berkitmegi, köptaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmagy maksat edinýändiginiň güwäsine öwrüldi.

Çäräniň çäklerinde, Mukamlar köşgünde Adygeýiň “Nalmes” halk tanslary döwlet akademiki ansamblynyň konserti, “Pýotr Iliç Çaýkowskiniň ýubileýine tarap” atly nusgawy saz konserti şeýle hem Russiýanyň Milli saz muzeýi tarapyndan Çaýkowskiniň döredijiligine bagyşlanan “Çaýkowskiniň planetasy” atly sergi guraldy. Sergi muzeýiň gaznasyndaky taryhy resminamalar, şahsy zatlar, fotosuratlar we nota partituralary esasynda guralyp, ol rus medeniýeti hakynda has giňişleýin maglumat almaga ýardam etdi.

Döredijilik çäresine gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini jemläp, onuň parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakdaky, medeniýetleriň baýlaşmagyndaky, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini berkitmekdäki ähmiýetini bellediler. Myhmanlar türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, şeýle hem Türkmenistan bilen has içgin tanyşmaga, onuň halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny öwrenmäge döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Maksat ALLANAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok