Magtymguly Pyragy — paýhas ummanynyň şamçyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ady äleme dolan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dünýä ýaň salýan günlerinde kalbyňy joşa getirip, buýsanjyňy beýan etmek, gör, nähili ýakymly! Bu günki gün Magtymguly Pyragynyň şygyrlary giňden öwrenilip, onuň baý many-mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlarynyň üsti bilen bagtyýar halkymyza ýetirilýär.

Beýik akyldar şahyr mähriban halkyny jany-teni bilen söýüpdir. Şahyr şygyrlarynda ähli güýjüň-kuwwatyň, abraýyň iliňe-ýurduňa goýýan hormatyňa, edýän hyzmatyňa baglydygyny dürdäneli şygyrlarynda nygtaýar. Magtymguly atamyz şygyrlarynyň üsti bilen maşgala gatnaşygy, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak, ene-atanyň sarpasyny belentde saklamak ýaly asylly häsiýetleri wagyz-nesihat edipdir. Esasan-da, şahyryň şygyrlarynda hünärli bolmak, ylym-bilim almak, adamlara hormat goýup, kömek bermek ýaly ýörelgeler hem ündelýär. Ussat şahyryň terbiýeçilik ähmiýetli, ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýeleýän şygyrlary hazynaly gollanmadyr.

Halkymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihata ýugrulan goşgularyny asyrlarboýy durmuşyň ýol-ýörelgesi hökmünde ulanyp gelipdir. Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihata, gahrymançylyga we watansöýüjilige ýugrulan, ylym hem-de dünýä akyl ýetirmek baradaky jöwher paýhasy siňen şygyrlaryny halkymyz ýatdan bilipdir. Olary mukaddes saýypdyr. Bu häzirem şeýle. 

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň päk ahlaklylyk, edep-terbiýe, watansöýüjilik, gözelligi wasp etmek, berkarar döwlet baradaky ynsan aňyna we ýüregine ornaýan gymmatly ündewleri biziň döwlet syýasatymyzyň esaslaryny düzýär. Bularyň ählisi iň asylly adamzat däplerine daýanýan ynsanperwer gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär» diýmek bilen, akyldar şahyryň abraý-mertebesini has-da belende göterýär.

Goý, beýik şahyryň gymmatly ündewlerini parasatly döwlet syýasatynda ýörelge edinýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumlary rowaç bolsun!

Mawluda IGAMBERDYÝEWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurtdillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji ortamekdebiniň
rus dili mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok