Türkmen atşynaslygynyň taryhynda orun alan möhüm waka

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyzda merdana halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň belende galdyrylmagy ugrunda Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwlet derejesinde edilýän uly aladalar bu gün özüniň oňyn netijelerini berýär. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky hoş habar köňülleri ganatlandyrdy. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bu hödürnamanyň degişli guramanyň görnükli sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Bu ähmiýetli çäräniň Arkadag şäherinde geçirilmeginiň özünde-de çuňňur many-mazmun bar. Çünki gadymy türkmen topragynyň bu keramatly künjegi ahalteke bedewleriniň mekany hökmünde ykrar edilen.

Ýene-de bellemeli zatlaryň biri, «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylyş dabarasynyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäklerinde geçirilmegidir. Bu hödürnamany abraýly sanawa girizmek baradaky çözgüt 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edildi. Munuň özi türkmen halkynyň naýbaşy milli gymmatlyklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini tassyklaýar. «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama hem türkmen atşynaslygynyň taryhynda mynasyp orun eýelär.

Milli atşynaslyk däplerini gorap saklamak, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýüzünde belende götermek ugrunda yzygiderli aladalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok