Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy

Aşgabatda beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy. «Laçyn» seýilgähinde geçirilen açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy.

Çärä hökümet agzalary, ýaşulular, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, medeniýet-sungat işgärleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Açylyş dabarasynda döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy. Iki ýurduň sungat ussatlary türkmen we gazak dillerinde aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Aşgabatdaky Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda möhüm waka boldy. Ol iki halkyň arasynda ruhy ýakynlygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüler.

Näzik ALLABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok