Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhy ýoly we ýeten belent sepgitleri

Gahryman Arkadagymyz, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden çykyşynda, Garaşsyzlygyň her bir Türkmenistanlynyň ýüreginde watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedigini belledi. Bu söz diňe bir taryhy mirasyň we şöhratly geçmişiň manysyny öz içine almak bilen çäklenmän, Garaşsyzlygyň Türkmenistanyň halkyna özygtyýarly döwletiň belent maksatlaryna ýetmäge mümkinçilik berendiginiň subutnamasydyr.

Garaşsyzlyk, köp asyrlap arzuw edilen özbaşdak döwlet bolmagyň hasyl bolmagyny, şeýle-de milli we ruhy gymmatlyklaryň dikeldilmegine mümkinçilik döretdi. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda ýetiren belent sepgitleri ýurduň Garaşsyzlygynyň mizemezligini görkezýär. Şonuň ýaly-da, Türkmenistan halkara derejede ýokary derejesini berkitdi we bu gün dünýä sahnasynda öz syýasy garaýyşlaryny beýan etmäge doly mümkinçilik aldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk taryhynyň dowamynda, ýurt durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň möhüm sepgitlerine ýetdi. Ykdysady ösüşiň netijesinde, durmuş ulgamynda we jemgyýetiň dürli ugurlarynda uly taslamalar durmuşa geçirildi. Bilim, medeni, ylmy, sport maksatly edaralaryň giň toplumy döredildi we milli intellektual mümkinçilikler kämilleşdirildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygyny giňeltdi. Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynda öňe süren halkara başlangyçlary, şol sanda 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň halkara sahnasyndaky abraýyny görkezýär. Mundan başga-da, Birinji Hazar ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy halkara derejesinde uly goldawa eýe bolup, Hazar ekologiýa maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça uly ädimler ädildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan geljege gönükdirilen strategiki maksatnamalary kabul edip, ýurduň ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ösüşi üpjün etmekde işjeň çäreleri gördi. Bu, ýurduň baý tebigy serişdelerinden netijeli peýdalanmakda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda we global ykdysadyýete işjeň goşulyşmakda öz beýanyny tapdy.

Türkmenistanyň taryhy Garaşsyzlyk ýoly, halkyň jebisligine, syýasy durnuklylygyna we sebitleýin integrasiýanyň giňelmegine esaslanýar. Bu ösüş ýoly ýurdumyzyň geljekki nesillerine has parahat we gülläp ösýän ýurt galdyrmak maksadyna esaslanýar.

Jeýhun Jumaşow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok