«Pyragynyň arzuwlan ajap zamany» atly halypa-şägirtlik döredijilik duşuşygy geçirildi

Bu gün milli medeniýetimiziň gülläp ösmeginde, halkymyzyň köňül joşgunyny beýan etmekde sungatwekilleriniň uly hyzmaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň wekilleri bize şygryň durmuş, adamyň ruhy dünýäsi, kalby bilen baglanşykly bolmalydygynyň asylly ýoluny miras goýdular. Şunuň bilen baglanşykly ýurdumyzda birnäçe işler alnyp barylýar.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlap, 2024-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa bilen «Pyragynyň arzuwlan ajap zamany» atly halypa-şägirtlik döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygyna Döwlet muzeýiniň hünärmenleri, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşyp, halypa bilen gyzykly söhbetler guraldy we sorag-jogap alyşyldy. 

Duşuşygyň dowamynda halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän ýaş şahyrlar Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň başlygy Allaberdi Begmyradow, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni Ogulgurban Gaşlakowa, «Güneş» žurnalynyň habarçysy Garahanjar Baýhanow, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 3-nji ýyl talyby Nursoltan Derýaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň hünärmeni Bossan Ataýewa çykyş etdiler.

Döredijilik duşuşyga gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak, umumadamzat bähbitli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Bossan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň
Döwlet muzeýiniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok