Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyzy içgin öwrenmek, sarpasyny belent saklamak we giňden wagyz etmek asylly ýörelgä öwrüldi. Öz gözbaşyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan türkmen milli halyçylyk sungaty medeni mirasymyzyň iň naýbaşy hem möhüm bölegidir. Çeper elli türkmen zenanlarynyň, gelin-gyzlarynyň döreden haly göllerinde halkymyzyň şöhratly taryhy, ajaýyp tebigaty, milliligimiz hem däp-dessurlarymyz bilen bagly özboluşly many-mazmun jemlenendir. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň, beýleki künjeklerimizde gurulýan binagärlik desgalarynyň çeper bezeginde türkmen halysynyň nagyşlarynyň, gölleriň giňden ulanylyşyna aýratyn üns berilýär. Çünki türkmen halysy merdana halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň esaslarynyň biridir. Türkmen halysynyň ajaýyp hem nepis nagyşlarynda halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklary inçelik bilen şöhlelendirilýär. Diýarymyzda türkmen halysyna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary hem döwletimizde we tutuş dünýä ýüzünde onuň at-owazasynyň ýaýylmagyna ýol açýar. Halyçylygyň özboluşly aýratynlyklaryny gorap saklap şu güne getiren ussat türkmen halyçylarynyň döreden çeper senetçiligi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizilendigi-de diýseň guwandyryjydyr. Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň nobatdaky 14-nji mejlisiniň dowamynda “Türkmenistanyň milli halyçylyk sungatyny” Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyna girizmek baradaky karar kabul edildi. Şol kabul edilen kararda: “Milli türkmen halyçylyk sungaty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ulanylýar we haly önümleri ýurduň ähli ýerlerine ýetirilýär, bu bolsa durmuş taýdan barabarlyk we dowamatlylyk duýgusyny döredip jemgyýetleri birleşdirýär we bu önümiň daşynda kybapdaşlyk duýgusyny emele getirýär. Bu tejribe we onuň bilen bagly zatlar türkmen halkynyň durmuş we medeni ýaşaýşynyň bir bölegi bolup, ykdysady durmuşyň dowam etdirilmegine goşant goşýar. Iş ýüzündäki ulanylyşyndan başga Türkmenistanda halyçylyk maşgala we jemgyýet däp-dessurlarynda, durmuş tejriberinde we baýramçylyk çärelerinde aýratyn orny eýeleýär” diýlip bellenilýär.
Ýurdumyzyň her bir bagtyýar raýatynyň medeni özboluşlylygynyň görkezijisi hökmünde uly orny eýeleýän türkmen milli halyçylyk sungaty döwürlerde hem köňüllerde ebedi ýaşajak, gaýtalanmajak beýik sungatdyr.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň II ýyl talyby.
Teswirler