Şa zenany Diananyň köýnekleri satuwa çykarylýar: Iň uly auksion!

Iňlis halkynyň kalbynda aýratyn orny eýeleýän Uels şa zenany Diana häzirki günlerde hem dilden düşmeýär. Aradan çykanyna 27 ýyl geçendigine garamazdan, jomartlygy we haýyr-sahawat bermegi bilen bütin dünýäde tanalýan Şa zenany henizem ýatdan çykmaýar.

Şa zenany Diana we beýleki şa agzalaryna degişli 150-den gowrak egin-eşik 27-nji iýunda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde auksiona çykarylar. Satyljak iň görnükli zatlaryň biri, şa zenany Diananyň 1986-njy ýylda “Phantom of Opera” sazynyň premýerasyna geýen köýnegi bar. Köýnegiň 200 müňden 400 müň dollar aralygynda alyjy tapmagyna garaşylýar.

1997-nji ýylda Diananyň auksionyndan soň iň uly auksion boljakdygyny mälim eden auksion öýüniň işgärleri şol bir wagtda 150-den gowrak egin-eşigiň satuwa hödürlenjekdigini aýtdy.

Mundan öň hiç hili auksiona çykmadyk aýakgap, ýantorba we başgap ýaly zatlar hem taryhy auksionyň bir bölegi bolar.

Ogulnar ALLABERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok