Asyrlara ýol salan dana şahyr

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mähriban halkymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny uludan toýlaýar. Muny türki döwletleriň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmeginde hem aýdyň görmek bolýar. Agzybirlige we doganlyga çagyrýan türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň däl, umumadamzadyň kalbynda orun tutýar.

Magtymguly Pyragy öz ady we öçmez-ýitmez döredijiligi bilen eýýäm üç asyr bäri türkmen halkynyň şan-şöhratyny dabaralandyryp gelýär. Şu jähetden, 17-nji maýda agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasynyň bolmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalaryň birine öwrüldi.

Akyldaryň köptaraply döredijiligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarda watansöýüjilik, ynsanperwerlik, maşgala mukaddesliklerine ygrarlylyk, päk ahlaklylyk ýaly ýagşy gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde hazyna bolup hyzmat edýär. Şahyryň pähime ýugrulan goşgulary döwürlere paýhas nuruny saçyp ýaşap gelýär. Häzirki döwürde şahyr has-da sarpalanýar.

Türkmen edebiýatynyň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän, nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzy dünýä tanatmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Hojakaka HOJAKAKAÝEW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok