Ynsan kalbyna ebedi ornan beýik şahyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimize, sungatymyza, nusgawy edebiýatymyza bolan belent sarpa halkymyzda, bagtly nesillerde geçmiş mirasymyza çäksiz buýsanjy artdyryp, ony içgin öwrenmäge ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebiýatyň altyn hazynasyna giren edebi döredijiligi, gymmatly mirasy türkmen hem daşary ýurtly alymlar tarapyndan öwrenilýär. Türkmeniň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragy durmuşyň dürli ugurlary barada söhbet açýan biri-birinden ajaýyp şygyrlary döretmek bilen, biz bagtyýar nesillere baý edebi mirasy galdyrdy. Şöhratly geçmiş taryhymyzy içgin öwrenmekde Magtymguly Pyragynyň dürdäne şygyrlary, türkmen diliniň hem edebiýatynyň ähli baýlyklaryny özünde jemleýän goşgulary gymmatly hazyna bolup çykyş edýär.

Türkmen halkymyz şygryýet äleminiň ägirdi dana Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýar, çünki akyldaryň şygyrlary her birimiz üçin pähim-paýhasdyr, öwüt-nesihatdyr. Şahyryň millilige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemekde, döwrümize, halka wepaly kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýe. Onuň ömür ýoly, döredijiligi çeper eserlerdir ylmy işlerde, şekillendiriş, aýdym-saz sungatynda öz mynasyp ornuny tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip diýseň jaýdar belleýär.

Şahyryň iňňän many-mazmunly döredijiliginde durmuşyň ähli ugurlaryna degişli sowallaryna jogap tapmaklyk bolýar. Bu bolsa şahyryň eserlerine halkara jemgyýetçiliginde hem uly üns berilýändigini görkezýär. Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry, onuň ajaýyp goşgularynyň dünýäniň ençeme dillerine terjime edilendigini-de buýsanç bilen bellemek gerek. Şeýle hem onuň ylym-bilimi wagyz edýän goşgulary aýratyn bellenmäge mynasypdyr, sebäbi ylym-bilim, hünär öwrenmegiň, kitap okamagyň, halypa-şägirtlik ýolunyň ähmiýeti hakynda şahyr has hem çuňňur beýan edip, kämilligiň ýoluny salgy berýär. Bu bolsa ýaş nesillere ylym öwrenmekde, olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde bahasyna ýetip bolmajak mekdepdir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýatyny many-mazmun taýdan baýlaşdyryp, şygyrlarynda halallygy, ynsanperwerligi, milliligi ösdürip, sözüň güýji bilen ynsan kalbyna ornan akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň ylmy taýdan içgin öwrenilmegi, milli mirasymyzyň dünýä ýaýylmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aýna KULIÝEWA-HUDAÝKULIÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň Pedagogika fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok