«Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisi geçirildi

Düýn «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasyny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri G.Muhammedow alyp bardy.

Ylmy amaly maslahatyň umumy mejlisinde Türkmenistanyň Halk ýazyjysy O.Annaýew, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory R.Gylyjow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygy, Mejlisiň deputaty Ý.Keriýew, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri T.Täçmämmedowa, Berdimuhammet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory A.Babaýewa, «Biznes reklama» gazetiniň baş redaktory S.Geldiýew, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy L.Aşyrowa, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Işgärler we ýörite işler bölüminiň baş hünärmeni G.Gurbanowa hem-de Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 4-nji ýyl talyby M.Mahtumow dagylar çykyş etdiler.

Maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar Merkeziniň bilelikde taýýarlan «Magtymguly – geçmişimiz, şu günümiz we geljegimizdir» atly ylmy-amaly maslahatyň nutuklarynyň beýany ýerleşdirilen kitapça we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok