Tamamlanany bäri 79 ýyl geçen hem bolsa XX asyryň taryhynda iň pajygaly wakalarynyň biri hökmünde yz goýan 1941 ― 1945-nji ýyllaryň urşy millionlarça adamyň ömür tanapyny kesdi. Bu ýowuz urşuň pajygaly ýyllarynda edermen är-ýigitlerimiz, atalarymyz we agalarymyz Watan üçin jan alyp, jan berdiler. Ol günleri gözi bilen görüp, egni bilen çeken ynsanlaryň kalbynda hiç haçan unudylmajak ajy hasrat ýatyr.
Ata Watan, il-ýurt, maşgala ynsan üçin mukaddeslikdir. 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda janyny orta goýup söweşen gahrymanlarymyz şol mukaddeslikleri nähili söýmelidigini, ezizlemelidigini görkezdiler. Pajygaly uruşda mert durup, ynam bilen ýetilen Beýik Ýeňşiň gymmatyny hiç zat bilen deňäp bolmaz. Olaryň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligi bu günki nesilleriň ýüreginde müdimilik ýaşaýar.
Faşist basybalyjylarynyň garşysyna alnyp barlan deň bolmadyk söweşlerde edermenlik görkezen türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi belent atlara, dürli derejeli orden-medallara mynasyp boldular. Olardan Aýdogdy Tahyrow, Annagylyç Ataýew, Toýly Taganow, Muhammet Ataýew, Orazberdi Hekimow, Saparmät Hojaýew ýaly başga-da birnäçe gahrymanlarymyz özlerini görlüp-eşidilmedik edermenlikleri bilen dünýä tanatdy. Şol gahrymanlaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem eline ýarag alyp, bu nägehan urşa gatnaşýar, ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Ol duşmana garşy batyr we jan aýaman söweşmek bilen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezýär. Berdimuhamet Annaýewiň görkezen edermenligi biziň üçin watançylygyň, gaýduwsyzlygyň, wepalylygyň belent nusgasy bolup durýar.
Biz ata-babalarymyzyň gahrymançylyk mekdebini dowam etdiriji hormatly Prezidentimiziň Watan goragçylaryna bildirýän ynamyna hemişe wepaly bolup, halkyň we Watanyň mukaddesligine durkumyz-düýrmegimiz bilen uýup, şol mukaddeslikleriň goragynda sarsmaz gala bolup durarys. Ýeňiş baýramyňyz gutly bolsun!
Jennet PIRLIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler