Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer döwlet syýasaty netijesinde ata ýurdumyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek hem wagyz etmek, medeniýet ulgamyny kämilleşdirmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak babatda möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky meseleleri düzgünleşdirýän birnäçe kanunçylyk namalary hem kabul edildi. Medeniýeti we sungaty ösdürmek boýunça amala aşyrylýan işler eziz halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlyklaryny, baý aýdym-saz medeniýetini tutuş äleme ýaýmaga uly ýardam edýär. Aýratyn-da ýaş nesliň aýdym-saz bilimini artdyrmaklary, döredijilik bilen meşgullanmaklary, ukypdyr zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen.
Ýurdumyzda Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleri, Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy bolan ÝUNESKO guramasy bilen özara gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň daşary döwletler bilen medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy okgunly ösýär. Bu hyzmatdaşlyk parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. ÝUNESKO-nyň Pariž şäherindäki ştab-kwartirasynda bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň mejlisinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt biragyzdan kabul edildi.Bulardan başga-da umumy taryhy geçmişi we ruhy gymmatlyklary bolan halklaryň arasynda dost-doganlygy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat edinýän Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ bilen türki halklaryň maddy hem-de medeni ýadygärliklerini gorap saklamakda, ösdürmekde, geljek nesillere ýetirmekde oňyn işleriň alnyp barylýandygyny hem bellemek gerek.
Ýylyň ýylyna geçirilýän medeni ugurdaky aýdym-sazly baýramçylyk çäreler umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň medeniýetini, taryhy-medeni mirasyny ähli öwüşgini bilen görkezmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleriniň we daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýändigi-de guwandyryjydyr. Çünki biziň Türkmenistan Watanymyz asyrlaryň çuňlugyna uzaýan milli mirasy we häzirki zaman gazananlary bilen sebit derejesinde medeni hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde özboluşly mirasyny, sungatyny wagyz etmek boýunça döwlet syýasatyny işjeň durmuşa geçirýär. Umuman ata Watanymyzyň medeni durmuşyndaky şaýat bolýan möhüm wakalarymyz milli medeniýetimizi ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işler döwletimiziň bu ugurda dünýä ykrarnamasyna eýe bolýandygyny, halkymyzyň ägirt uly döredijilik, medeni kuwwata eýedigini aýdyň şöhlelendirýär.
Matluba AHMEDOWA,
Daşoguz welaýatynyň çagalar sungat
mekdebiniň skripka hünäriniň mugallymy.
Teswirler