Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda türkmen halkynyň beýik akyldar ogly, söz ussady Magtymguly Pyragynyň mertebesi, şan-şöhraty, abraýy diňe bir halkymyzyň arasynda sarpalanman, eýsem dünýä halklarynyň arasynda hem onuň mertebesi, at-abraýy has-da belende galýar. Akyldaryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, durmuş zerurlyklaryny beýan edýän köpugurly pelsepewi taglymatlary şu günki kämil jemgyýetimiziň akyl hem-de ruhy goldawy bolup hyzmat edýär.
Ruhy gymmatlyklary umumylaşdyrmak, baýlaşdyrmak, halky birleşdiriji güýje öwürmek akyldaryň döreden şygyrlarynyň esasy pikiri bolmagynda galýar.
Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen dünýä halklarynyň kalbynda müdimi orun eýeledi. Dünýä halklary Magtymguly Pyragyny türkmen halkynyň görnükli beýik şahsyýeti hem-de parahatçylygyň we ynsanperwerligiň waspçysy hökmünde tanady.
Şu pursatdan peýdalanyp bize şeýle eşretli durmuşda ýaşamaga okamaga döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak il-ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.
Nurmuhammet MEREDOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler