Türkmen şygryýetiniň mizemez sütüni

Ýurdumyzda pähim-paýhas ummanyna deňelýän Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy toýlanýar. Şygryýetiň ägirdi, mizemez sütüni dana akyldarymyzy hormatlap biziň ýurdumyzda onuň beýik ady köp ýerlerde uly buýsanç bilen agzalýar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Magtymguly adyndaky dil we edebiýat instituty, Balkan welaýatynyň Magtymguly etraby, Paýtagtda we merkezi şäherlerde Magtymguly şaýollary, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, Türkmen milli manadynda Magtymgulynyň şekiliniň ýerleşdirilmegi ýokarda aýdylanlara şaýatlyk edýär.

Türki halklaryň medeni guramasy bolan TURKSOÝ-yň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl “Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumy BMG “Dünýäniň hakydasy” maksatnamasynyň sanawyna goşuldy.

Häzirki wagtda Magtymgulynyň goşgulary her bir türkmen maşgalasynda diýen ýaly ýatdan bilinýär. Magtymgulynyň goşgularynyň durmuşylygy ýagny halkyň durmuşyndan özge däldigi bolsa owal-ahyrda bu şahyrymyzyň goşgularynyň diňlenjekdigine şaýatlyk edýär. Şahyryň goşgularyny edebiň çuň başynda goýan ýaşulularymyz onuň her bir sözüni gyzyla gaplap, maşgalany dolandyrmakda, çagalary terbiýelemekde lagly göwhere deňäpdirler.

Ýalkym ÝAGMUROW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok