17-nji maýda Aşgabadyň günorta künjeginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şu ýyl Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň birnäçesi meýilleşdirildi. Hususan-da, medeniýet ministrleri derejesinde halkara maslahat, ýurduň teatrlarynda sahna oýunlarynyň görkezilişi, kinoteatrlarda we kinokonsert merkezlerinde beýik türkmen şahyrynyň döredijiligine bagyşlanyp surata düşürilen türkmen kinofilmleriniň görkezilişi guralar.
18-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaralar, şol sanda durky täzelenen Baş baýdak meýdançasynyň açylyş dabarasy geçiriler. Şol gün “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly halkara ylmy maslahaty we baýramçylyk konsertini geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Maý aýynda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we Ahal welaýatynda täze desgalaryň birnäçesi, şol sanda ýaşaýyş jaýlary, medeni-durmuş we beýleki maksatly desgalar hem ulanmaga berler.
Täzegül HOJAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler