Meşhur türkmen alymy, pir we sopy Abul-Fazl Hasany

Gündogaryň meşhur alymlarynyň biri, türkmen halkynyň asyrlar boýy hatyralaýan piri, sopuçylyk taglymatynyň beýik wekili Abul-Fazl Muhammet ibn Hasan Sarahsy dünýä medeniýetine uly goşant goşan beýik alymdyr. Ol türkmen halkynyň arasynda Sarahs baba ady bilen tanalypdyr.

Abul-Fazl Hasany — Sarahs baba entek öz ýaşap ýören döwründe meşhurlyga ýeten şahsyýetleriň biridir. Onuň kämil ynsanlyk keşbi, ylym-bilim babatynda ýeten derejesi hakyndaky maglumatlar orta asyrlar edebiýatynda orun alypdyr. Ýöne diňe bir türkmen halkynyň taryhynda däl, eýsem dünýä taryhynda ady häli-şindi agzalyp durlandygyna garamazdan, Sarahs babanyň ömri, maşgalasy we onuň edebi mirasy babatdaky anyk maglumatlar bize entek doly elýeterli däl.

Sarahs baba ençeme şägirtleri ýetişdiripdir. Mälim bolşy ýaly, Sarahs baba Beýik seljuk türkmenleriniň döwletini esaslandyryjylar Muhammet Togrul beg bilen Dawut Çagry bege soltanlyk patasyny beren, türkmen halkynyň beýik piri Abul Seýit Abul Haýyryň — Mäne babanyň halypasydyr.

Sarahs baba örän pähim-paýhasly, sahawatly, ynsanperwer adam bolupdyr. Onuň aýdan sözleri, pikir-düşünjeleri il-halky söýen, ösüp gelýän nesliň terbiýesine ähmiýet beren, adamlaryň rahat durmuşyny gazanmagyň öwüt-ündewini bermegiň ruhy lezzeti bilen ýaşan adamyň keşbini suratlandyrýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, şu ýyl Golaýda gadymy Sarahs topragynda bu beýik piriň 1000 ýyllygy mynasybetli «Abul-Fazl Sarahsy — 1000 ýyllygyň binasy» atly ylmy maslahat geçirildi.

Aýnura ATAHANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok