Küşt, küşt, küştdepdi

Küştdepdi diňe bir sungat eseri däl, eýsem, ýaşlarymyzy terbiýelemekde örän täsirli terbiýeçilik mekdebidir. Onuň sözleride, sazyda, tansyda – özboluşly terbiýe. Küştdepdiniň gazaly hem milli aýdym-saz sungatymyzyň iň gadymy görnüşleriniň biridir. Sungatyň bu görnüşi günsaýyn ösýär. Gazalyň sözlerinde bolsa üýtgeşik ruhy güýç, ýakym bar.

Küştdepdiniň taryhy ösüş ýoly barada gürrüň edilende 1980-nji ýylda Polşanyň Zakopane şäherinde geçirilen Bütindünýä folklor festiwalynda küştdepdi tansyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň “Sumbar nagmalary” folklor-etnografiýa topary iň ýokary Gran Pri baýragyna eýe bolupdy. Bu festiwalda eminler ýaşy 70-den geçen Geldi Garaýew hem-de Oguldursyn Annaberdiýewanyň ýarym sagatdan gowrak küştdepdi aýdyşyna geň görmek bilen syn etdiler. Edil şol döwürlerde Ýewropada bu täsin tansa, sungata gyzyklanma döredi. 2017-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen aýdym aýtmagyň we tans etmegiň küştdepdi milli sungaty naýbaşy gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda esasdyr.

Awazanyň alkymy
Joşgunlydyr tolkuny
Bütin dünýä ýaň salýar
Watanymyzyň ýalkymy

Ýaşasyn Prezidentim
Dostluk ýoluny açdy
Bagtyýarlyk zamanda
Göwün ganatlap uçdy

Watanyma, Watanym
Watanym janym- tenim
Asyr-asyr arzuwlap
Arkadaga ýetenim.

Maksat NIÝAZBAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok