Golaýda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Allaberdi Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer gatnaşyklar iki ýurduň arasyndaky dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynam bildirmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn dostlukly hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm orun eýeleýändigini bellediler.
Gruziýanyň ýazyjylarynyň döredijilik birleşiginiň Başlygy Makwala Gonaşwili wekiliýete Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlap hut özüniň üstünde işlän, beýik türkmen şahyrynyň goşgular ýygyndysynyň gruzin dilindäki terjimesini görkezdi. Ol Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysyny ýakyn wagtda gruzin dilinde neşir etmek boýunça başlangyjy bilen çykyş etdi, şeýle hem dünýäniň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruzin halkynyň ýakyndan tanyşmagyna ýardam boljakdygyny aýratyn belledi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Gruziýanyň döredijilik hem-de ylmy intellegensiýalarynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlugy we özara düşünişmegi has-da pugtalandyrmaga ýardam boljakdygyna ynam bildirdiler.
Şirin MUHAMMETGURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler