Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby ulus-ilimiziň çäksiz söýgüsini gazandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralarynyň ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden ýaýbaňlandyrylan häzirki günlerde täze esere gyzyklanmanyň uludygyny has äşgär görkezýär.
Täze kitaby okap, hormatly Prezidentimiziň ony türkmen topragynyň taryhyna, şol sanda Ahal welaýatynyň, onuň köp sanly ýadygärliklerine ozaldan gyzyklanmalary netijesinde özünde dörän pikirlerine daýanyp ýazandygyny duýmak bolýar. Dürli ýyllarda zähmet ýolunda toplan tejribeleri, halypalardan eşiden, öwrenen zatlary, durmuş wakalaryna şahsy garaýyşlary bilen birlikde, atasy Mälikguly aganyň öwüt-ündewleri, kyblasy Milli Liderimiziň beýik taglymatlary bu işde döwlet Baştutanymyza ýakyndan kömek edipdir. Bular barada hormatly Prezidentimiz eserinde aýratyn minnetdarlyk bilen ýatlaýar. «Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz belleýär. Şunda nesil terbiýesi, nesilleriň özara gatnaşygy, ata bilen ogluň arasyndaky gatnaşyk, ogluň öz pederine ynamy, söýgüsi, hemişe hoşallyk duýgusy üns çekilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň öz atasyna, kakasyna hormaty hemmeler üçin, her bir maşgala, her bir perzent üçin nusgadyr, beýik mekdepdir. Çünki diňe şeýle hormat-sylagyň, nesilleriň arasyndaky pugta gatnaşygyň, mähriň hem söýginiň bar ýerinde maşgala mäkäm bolýar, peder ýoly dowamata uzaýar. Ahyrky netijede, munuň özi milletlik derejesi, döwletlilik bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Gadymy Änewiň taryhy, ýadygärlikleri, Jeýtun ekerançylyk medeniýeti, belli ylmy-barlagçylar tarapyndan Ahal welaýatynda we Änew şäherinde alnyp barlan gözlegleriň netijeleri, şeýle-de Änew şäheriniň bu günki döwrebap keşbi bilen bagly maglumatlaryň täze kitabyň sahypalarynda suratlar arkaly üç dilde beýan edilmegi has-da guwandyrýar. Şeýle gymmatly kitaby sowgat eden hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz çäksizdir.
Gülälek AŞYROWA,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň
13-nji orta mekdebiniň başlangyç
synp mugallymy.
Teswirler