Sport ýaryşlary bilen utgaşma

Habar beriş serişdeleriniň gyzgalaňly işi ýurdumyzda sport ýaryşlary bilen utgaşýar. Her bir wakany täzeligi, gyzgyny bilen ýaýlyma bermek hem-de şol wakalarda teswirlerdir, söhbetdeşlikler arkaly sport türgenleriniň tolgundyryjy ýaryşlaryny ýa-da olaryň gazanan üstünliklerinde buýsançly sözlerini omaşaça ýa-da okyja ýetirmek teleýaýlymlaryňdyr, internet jurnalistleriniň işi. Ýurdumyzda geçirilýän sport ýaryşy- hokkeý boýunça dünýä çempionaty bolsa, jurnalistleriň işini has-da gyzgalaňly ýagdaýa getirdi.

Dürli ýurtlaryň sport türgenleriniň ýaryşlaryny ýazga geçirip, gyzgyny bilen hödürlemekde sport jurnalistleriniň işi türgenleriň armasyny ýetirdi. Ýurdumyzda geçip duran bu halkara ýaryşyň gözelligine ýene bir gezek öwüşgün çaýmak bilen sport türgenlerimiziň üstünlikli çykyşlaryna buýsançly garaýyşlary döretdiler.

Internet biziň durmuşymyza ymykly ornady. Ol bir radio-telewideniýe, gazetler ýal, bir habar beriş serişdesiniň bölegi boldy. Emma ol ýerde ýaňky agzalan zatlaryň ählisi jemlenmegi, bu biraz internet torunyň işini ýeňilleşdirdi- ýagny, ähli habar beriş serişdelerini bir internet toruna baglamak bilen işi aňsatlaşdyrdy.Munuň özi döwrebap adamlar üçin tebigy zat bolsa – da aýratyn radio ýa-da telewizora ýa gazete baglanan adamlar üçin kän bir aňsat düşmedi.

Häzirki döwürde bolsa, tehnologiýanyň ösmegi bieln internedi teleekrana- manitora çatyp, islendik maglumaty görmäge hem biziň ýurdumyzda hem mümkinçilik tapyldy.Internet jurnalistikasynyň esasy aýratynlygy onuň maglumaty şol bir wagtyň içinde derrew gyzgyny bilen okyja ýa – da diňleýjä, tomaşaça ýetirmek üçin mümkinçilik berýär.

Şol bir wagtyň içinde internet toruna düşen maglumaty beýleki pikirdeşleriň bilen paýlaşyp bolýar. Şol bir wagtyň içinde şol aýdyljak bolýan zady analizläp bolýar, şol bir wagtyň özünde netije çykarmaga hem gyssanyp,hem gyssanman bolýar.

Munuň özi ýokary tizlikli awtoulag ýaly, barmaly ýere tiz barýar. Internet jurnalistikasynyň ýene bir tarapy waka gidip durka ony synlamag we oňa baha bermägewagt mümkinçiligi bar.

Internet jurnalistikasynyň köptaraply ugurlary zamananyň meselelerini tiz wagtyň içinde birnäçe alymlaryň gatnaşmagynda we köpugurly hünärmenleriň ýa- da şol ugurdan bolan hünärmenleriň gatnaşmagynda birlikde çözmäge mümkinçilik gurnamak meseleleri hem öz içine alýar. Onuň meseläni şol bir wagtyň özünde kontakt edýän adamlaryň özleri bilen hem çözmek , ýagny şol meseläniň içindäki adamlar bieln birlikde işläp, meselä çuňňur aralyşmaga hem ýokary derejede mümkinçilik tapyp bolýar.

Internet jurnalistikasynyň şol bir wagtyň özünde üstünlikleri aşmasy bolsa – sanly ulgam bilen baglanşykly ,internet torlarynyň mümkinçilikleriniň çäklendirilmesizligini gazanmak, dünýäniň çar künjünden habar almaga mümkinçilik tapmakdyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok