Dünýede näçe adam ýaşaýan bolsa, şonça-da pelsepe bar diýýärler. Belki-de dogrudyr, ýöne dünýede ýaşaýan ynsan nesliniň sagdyn beden hakda köpçülikleýin ses berýän bir pelsepesi bar, ol hem adamzat ömrüni uzaltmak. Ýöne nädip? Şu günki gün adamzada ýaşaýyş şertlerinden, gazançdan hem-de iş üstünliginden başga nämeler gerek? Elbetde ynsanyň sagdyn ýaşamagy hem-de onuň durmuşyndaky watan duýgusynyň güllemegi üçin öz halkynyň, döwletiniň abraýyny gorap saklamak hem-de ony öz watanynyň ýaşyl baýdagynyň astynda parlaýan döwlete öwürmek üçin elinden gelenini aýamazlygydyr.
Türkmen sportynyň janköýerleri bu günki gün sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýaryşlarynyň görüp, ýurdumyzda hokkeý boýunça geçirilýän dünýä ýaryşyna gatnaşýan türrgenlerine janköýerlik edýärler. Elbetde, biziň ýurdumyzyň sport türgenleri hem bu ugur boýunça döwletimiziň ýaşyl baýdagyny al- asmana galdyryp, häzirki zaman ösen tehnologiýalar ulgamy bilen birnäçe ýaýlymlar arkaly, dünýäniň ýüzünde ýaýlyma berilýän ýaryşa özleriniň şatlyk duýgulary bilen buýsançly başdan geçirmeleri bilen gatnaşarlar. Eýsem adamzat bedenini sagdyn saklamak üçin dogry iýmitlenýärmi? Eýsem onuň durmuşda esasy maksatlaryna sagdynlyk zerurlygy näderejede gerek? Eýsem adamzat ortaça ýaşy boýunça günüň dowamynda öz wagtynyň näçe bölegini sagdyn bolmaga sarp edýär? Ine, şu zatlar bolsa, biziňhäzirki günümizde işewir, ösüşlere barýan adamzat üçin juda zerurwezipeleriň biri. Dünýä ýaryşynda ilkinji orun alýan sport türgenleriniň arasynda türkmen hokkeýçilerine hem ýokary baha berýän emin agzalary sabyrsyzlyk bilen hokkeý oýnuna janköýerlik edýärler.
Munuň özi ýurdumyzda sport ýaryşlaryna giň mümkinçilik açan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň ady bilen şöhratlanýar.
Teswirler