Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiligi tanyşýar

Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy tarapyndan Ženewadaky Milletleriň köşgüniň binasynda Magtymgulynyň ömri we döredijiligi barada giňişleýin maglumat berýän QR kod ýerleşdirilen ýörite banner oturdyldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 26-njy fewralynda Adam hukuklary boýunça Geňeşiň 55-nji sessiýasy agzalan banneriň oturdylan binasynda öz işine başlady. Bu çäräniň işine BMG-niň Baş sekretary A.Guterriş, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Prezidenti D.Frensis, şeýle hem dünýäniň dürli künjeklerinden wise-prezidentler, wise-premýerler, ministrler we beýleki resmi wekilleriň derejesinde 125-den gowrak wekiliýet gatnaşýar.

Hemişelik wekilhana tarapyndan gurnalan maglumat stendiniň bu çärä gatnaşýan daşary ýurt wekilleriniň arasynda uly gyzyklanma eýe bolandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýen şygarynyň many-mazmuny hem watançylyk ruhuny belende götermäge, ýaşlary terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmekde uly üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrmaga gönükdirilendir.

Sähragül ATAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok