TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2015-nji ýylda gadymy Mary şäherimiz, 2024-nji ýylda bolsa Änew şäherimiz «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda «Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy» tassyklanyldy. Şoňa laýyklykda, 2024-nji ýylyň dowamynda Änew şäherinde halkara we döwlet ähmiýetli çäreleriň ençemesi geçiriler. Olaryň arasynda Türki medeniýetiniň halkara guramasyna agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly, «Türki halklaryň folklor sungaty» atly halkara festiwaly, türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konserti, arheologlaryň we binagärlik sungatyny öwrenijileriň «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty, döredijilik we ylym bilen meşgullanýan öňdebaryjy ýaşlarynyň halkara Ýaşlar forumy, şeýle-de giň gerimli medeni çäreleriň birnäçesi geçiriler.
Aslynda, Änewiň türki dünýäniň medeni paýtagty diýlip saýlanmagynyň aňyrsynda bu şäheriň umumadamzat taryhynda öçmejek yz galdyran medeni ösüşleri amala aşyrandygy bilen baglydyr. Änew dünýäde ilkinji oturymly ekerançylyk ojagy bolan Jeýtun medeniýetiniň mirasdüşeridir. Änew ak bugdaýyň ilkinji Watany hökmünde şöhratlanýar. Onuň gadymyýete ýaň salan baý taryhy bar.
Änewiň häzirki wagta çenli saklanyp galan orta asyr şäheriniň galyndylary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Şäheriň merkezini Seýit Jemaleddin metjidi bezäpdir. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan kemala gelen «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň I kitabynda gymmatly maglumatlar beýan edilýär: «Abiwerdden Nusaýa barýan kerwenleriň soňky düşleg ýeri gadymy Änew şäheridir. Orta asyrlardan galan Änew şäherinde ata-babalarymyzyň XV asyryň ortalarynda bina eden täsin metjidiniň harabalygy saklanyp galypdyr».
Uzukjemal BAZAROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler