ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi parahatçylygy pugtalandyrmak boýunça 40 golaý taslama amala aşyrar

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi we ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde 2024-nji ýylyň dowamynda durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda bu guramanyň Aşgabatdaky merkezi şu ýylyň dowamynda 37 den gowurak taslamany amala aşyrmaklygy meýilleşdirýär.

Syýasy ulgamda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmaga gönükdirilen taslamalaryň birnäçesini durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ykdysady we ekologiýa ugurlarynda meýilleşdirilýän taslamalar ykdysadyýeti, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga, ekologik howpsuzlygy berkitmäge, howanyň üýtgemegi bilen bagly möhüm meseleleri çözmeklige gönükdirilendir.

Bu gurama 1999-njy ýyldan bäri paýtagtymyzda hemişelik esasda öz işini alyp barýar. Bilelikdäki meýilnamalaryň çäklerinde soňky 25 ýylyň dowamynda dürli ugurlar boýunça 500-den gowrak taslama durmuşa geçirildi.

Mukam Seýitnepesow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar

we Informatika Institutynyň
1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok