20-nji fewralda Ankara şäherinde ýerleşýän Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretariatynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çäreleriň, şeýle hem beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan diwarlygyň açylyş dabarasy geçirildi.
TÜRKSOÝ-yň binasynyň öňünde geçirilen dabara Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz, şeýle hem diplomatik wekilhanalaryň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we žurnalistler gatnaşdylar.
Şeýlelikde, bu çäre medeni-ynsanperwer nukdaýnazaryndan, Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
Annamyrat HYDYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler