Atda wepa-da bar, sapa-da

Gamyşgulak, ýelden ýyndam, gyz gylykly alahteke atlaryna belent sarpa goýmaklyk, bedewleri maşgalanyň bir agzasy deýin görmeklik türkmen halkynyň ajaýyp häsiýetleriniň biridir. Asyrlaryň dowamynda ýow gününde hem, toý gününde hem gerçek goç ýigitleriň ýakyn hemrasy bolan ýyldyrym deý bedewler häzirki wagtda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha arzylanýar. Ussat seýis Aba Annaýewiň adyny göterýän Halkara atçylyk akedemiýasynyň açylmagy bolsa bu aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Döwrüň taryhy wakasyna öwrülen bu akademiýanyň Arkadag şäheriniň çäginde, ýagny ahalteke atlarynyň dörän mesgeninde bina edilmeginiň hem uly manysy bar.   

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti paýhasyndan kemala gelen “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” ýaly ylma hem-de baý tejribä ýugrulan eserlerinde türkmen bedewleriniň gaýtalanmajak durky, olaryň taýsyz gözellikleri mynasyp açylyp görkezilýär.

Bereketli türkmen topragynda kemala gelen, arassa ganly türkmen atlary dünýäniň dürli künjeklerindäki atçylyk pudagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda türkmen bedewleri birnäçe ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Milli atşynaslygyň kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly üns bilen garalýar. 

Rüstem NURYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok