Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa goýulýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň ýürek arzuwyndan, köňül isleginden gözbaş alýar.
Nusgawy edebiýatyň gymmatlyklary, esasan hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkynyň durmuşynda, ýaşlaryň terbiýesinde uly orny eýeleýär. Sebäbi akyldar şahyryň döredijiligi ýaşlaryň kämilligi üçin, milli terbiýe üçin gymmatly hazynadyr. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň asylly ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi nesillere uly mirasdyr. Milli gymmatlyklar, nusgawy edebiýatymyz ýaşlary bilim öwrenmäge hem ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny wagyz etmek, ýaşlara şahyryň goşgularynyň many-mazmunyny düşündirmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly çuňňur filosofiki goşgusynda çeper söz ussadynyň kämil döredijiligine, ylahy zehinine juda ýokary baha bermek bilen, dana şahyrymyza türkmen ruhunyň söz sungaty bilen ýeten belent derejesi hökmünde garaýar. Akyldar şahyrymyzyň ähli ýerde, ähli döwürde mertebesiniň belent tutulýandygyny buýsanç bilen belleýär. Dana akyldar orta asyrlarda ýaşap geçen Rudaky, Nyzamy, Rumy, Sagdy, Nowaýy, Fizuly, Omar Haýýam, Ibn Sina, Rabguzy, Nesimi, Zamahşary ýaly söz ussatlarynyň eserleridir diwanlaryny ürç edip okapdyr we olary öz goşgularyndan belli bolşy ýaly, ruhy halypasy hasaplapdyr. Türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy dürdäne setirleri bilen türkmen halkynyň kalbynda, aňynda, ykbalynda ruhubelentlik we joşgun döredýär.
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň asuda Watanly, berkarar döwletli bolmak arzuwynyň hasyl bolan döwründe ýaşamak bagtynyň miýesser edendigi üçin ykbalymdan müň keren razy. Şeýle ajaýyp döwri halkyna peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, mertebeleriniň belent bolmagyny arzuw edýäris.
Amangül ALLABERDIÝEWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň
Pedagogika we psihologiýa
kafedrasynyň uly mugallymy.
Teswirler