Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler indi birnäçe wagt bäri halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu ajaýyp waka mynasybetli şahyryň goşgularynyň, ol barada ýazylan eserleriň dünýä dillerinde neşir edilmegi beýik akyldaryň edebi mirasynyň halklary jebisleşdirýän dost-doganlyk köprüsidigini aýdyň görkezýär.
Golaýda, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi, Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gruziýanyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde işjeň ösmeginiň dowam etdirilmegi, köp asyrlyk däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň bardygyny bellediler.
Köp ýyllyk tejribesine eýerýän we ony berkitmäge mümkinçiligi bar bolan medeni-ynsanperwer ugrundaky gatnaşyklar iki ýurduň hyzmatdaşlygyň möhüm düzüm bölegi bolup durýandygyny nygtaldy.
Taraplar Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki çäreleri geçirmek, beýik şahyryň goşgularyny gruzin diline terjime etmek meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gruziýanyň ýazyjylar döredijilik birleşiginiň başlygy, munuň özi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen gruziýanyň giň okyjylar jemgyýetiniň has giňişleýin tanyşmagyna, şeýle hem ynsanperwer gepleşikleriň, dostluk gatnaşyklaryň we biziň ýurtlarymyzyň hem-de halklarymyzyň özara düşünişmeginiň mundan beýläk hem berkidilmegine goşant goşjakdygyny aýtdy.
Tawus ÖWEZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler