Institutymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy mynasybetli “Magtymguly sözlerim saza goşsaň uz bolar” ady bilen dabara geçirildi. Dabara institutymyzyň türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymlary Maral Hojadowa, Altyn Rozyýewa, Güljahan Gurbanmyradowa şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dutarçy mugallymlary gatnaşdylar.
Halypa mugallymlar talyplaryň Magtymguly Pyragynyň şygyrlary barada gyzyklanýan soraglaryna giňişleýin jogap berdiler. Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmuna ýugrulan şygyrlaryny derňemek arkaly talyplara açyp görkezdiler.
Akyldar şahyryň dürdäne setirlerinden döredilen aýdymlary türkmen milli saz guraly dutarda ýerine ýetirmekleri bolsa kalplarda milliligimize bolan buýsanç duýgularyny oýardy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Kerwen Ýowbasarowyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren halk aýdymlary dabara gatnaşanlarda aýratyn ýakymly täsir galdyrdy. Bu dabara dostlukly gatnaşyklaryň dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dabara gatnaşan mugallymlardyr talyp ýaşlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Bekgylyç HYDYROW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler