Pyragynyň ajaýyp mirasy – gymmatly baýlygymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar türkmen halkymyz Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasynyň belentde tutulýan, nusgawy şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly hormat goýulýan “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly şygara beslenen ajaýyp Diýarda ýaşaýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabara bilen bellenilýän bu ýylynda köňülleriň we döwürleriň şahyry dana Pyragynyň edebi döredijiliginiň şeýle belentde arzylanmagy türkmen halkynyň ruhy beýikliginden habar berýär. Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, baý edebi mirasynyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda uly tagallalar edilýär, şahyryň durmuş-döredijilik ýoluna bagyşlanyp köp sanly çäreler, ylmy maslahatlar geçirilýär. Tutuş dünýä medeniýetiniň guwanjy hem buýsanjy bolan beýik söz ussadymyz şygyrýet äleminiň şasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine düşünmäge, millet hökmünde özüni tanamaga ugrukdyrdy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan püre-pür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy” diýen iňňän manyly pikirleri beýik şahyryň bize goýup giden mirasynyň özboluşly terbiýe mekdebidigini, şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna çäksiz hormat-sarpa goýulýandygynyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde Magtymguly Pyragynyň medeni ýadygärlikler toplumynyň, muzeýiniň açylandygy hem guwandyryjy ýagdaýdyr.

Üstümizdäki 2024-nji ýylda uly joşgun bilen belleniljek türkmen halkynyň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine ýokary derejede taýýarlyk görülmegi we bu ugurda halkara derejesinde maslahatlaryň we bäsleşikleriň geçirilmegi Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny, pähim-paýhasa ýugrulan garaýyşlaryny ylmy esasda öwrenmekde, akyldaryň we gymmatly mirasyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Şeýle döwletli döwranyň goýnunda, Gündogaryň beýik akyldary, söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasy bolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzy baky bagtyýarlyga ýetiren, medeni mirasymyzyň, nusgawy edebiýatymyzyň belentde sarpalanmagy babatda uly tagallalar edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri rowaç bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok