Nusgawy edebiýatymyzyň altyn hazynasy

Şöhratly geçmiş taryhymyzy öwrenmekde, milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda asylly işleriň amal edilýän zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlary gymmatly hazyna hökmünde belentde sarpalanýar. Pyragynyň şygyrlary türkmen edebiýatynyň genji-hazynasyny hem söz baýlygyny özüne jemleýär. Şygryýet äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň durmuşyň dürli taraplary babatda söz açýan ajaýyp şygyrlary nesiller üçin tapylgysyz baýlykdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik tagallasy bilen tutuş dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna öwrülen Pyragynyň edebi mirasy daşary ýurtly we türkmen alymlary tarapyndan içgin öwrenilýär, şahyryň ömri-döredijiligi hakynda ylmy işler hem-de kitaplar ýazylýar. Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Pyragynyň döredijiliginiň belent waspy aýdymdyr sazlarymyzda, metbugat sahypalarynda, şekillendiriş sungatynda hem öz mynasyp beýanyny tapýar. «Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragy özüniň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda baky orun aldy. Dana Pyragynyň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän eserleri ähli adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr» diýip belleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz beýik akyldara goýulýan uly hormaty has-da dabaralandyrýar.

Akyldar şahyryň agzybirligi, halallygy, watansöýüjiligi wagyz edýän şygyrlary, millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemäge uly ýardam edýär. Ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýan beýik Magtymguly Pyragy umumadamzat üçin ýörelgeli ýoldur.

Şahyryň ylym-bilimi wagyz edýän goşgulary-da aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki olarda söz ussady ylym öwrenmegiň, kitap okamagyň ähmiýeti, ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmegi, ýagşy-ýamana göz ýetirmegi, şer işlerden daşda bolmagy ýaş nesle öwüt-nesihat edýär. Şahyryň köptaraplaýyn döredijiliginden durmuşyň ähli ugurlaryna degişli soraglara jogap tapmak bolýar. Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatyny mazmun taýdan baýlaşdyrmak bilen, şygyrlarynda halkylygy, milliligi ösdürip, sözüň güýji bilen ynsanlaryň kalbyna täsir edipdir. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan döredijiligi, filosofik nukdaýnazardan durmuş hakykatyny özünde jemleýär. Şonuň üçin hem şahyryň goşgulary çuňňur many-mazmuna eýe. Berkarar Watanymyzda medeniýetimizi, milli mirasymyzy dünýä ýaýmak, ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz egsilmezdir!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok