Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowamat dowamy bilen yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly özüniň şöhratly başlangyçlarydyr täze ýeňişleri, şanly toýuň äleme ýaň salýan dabarasy bilen taryha zerewşan ýalkym çaýýar. Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şanyna Köpetdagyň eteginde medeni seýilgäh toplumynyň we şahyryň ýadygärliginiň akyldaryň 300 ýyllyk şanly toýunyň öňüsyrasynda açylmagy göz öňünde tutulýar. Dünýä derejesinde beýik şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň bu toplumyň çäginde ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýandygy bolsa beýik şahyra goýulýan hormatyň dünýä derejesinde dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. Bu zatlaryň ählisi türkmen halkynyň edebi-medeni mirasynyň halkara derejesinde belende göterilmeginde möhüm ähmiýete eýedir.
Bu başlangyçlaryň sakasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan adyl syýasatlary bardyr. Änew şäheriniň TÜRKSOÝ-uň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi hem-de ýurdumyzda, türki halklaryň arasynda uludan toýlanýan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk şanly toýunyň şanyna geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň, döredijilik duşuşyklarynyň, bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistan Watanymyzyň baky bagtyýarlygyndan delalatdyr.
Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragyny tirsegine galdyran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin.
Kümüşgözel KAKABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler