Paýtagtymyz Aşgabatda Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň we beýik türkmen şahyrynyň ýadygärliginiň açylyş dabarasyna taýýarlyk görülýär.
Ak mermerli Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň etegindäki belent baýryň üstünde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeli uzaklardan seleňläp görünýär. Häzirki wagtda bu ýerde ýadygärlik toplumyna ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Eýeleýän meýdany 13,5 gektar bolan toplumyň çäginde bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalar, inženerçilik-tehniki ulgam hem-de toplumyň ýol-ulag düzümi, yşyklandyryş ulgamy bir bitewi sazlaşygy emele getirer.
Magtymguly Pyragynyň belent heýkeline, seýilgäh toplumyna gezelenç etmek bilen bir hatarda, ulagly syýahat etmek üçin hem ýörite elektromobilleriň hyzmaty ýola goýular.
Magtymguly Pyragynyň belent heýkelini gurmak üçin 41 gektar meýdan ýer bölünip berildi. Tebigy belentlikde dikilen bürünç heýkeliň beýikligi 60 metre, binýadynyň beýikligi bolsa 25 metre deňdir.
Gülälek BAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler