Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyny hem-de TDP-niň döredilmeginiň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watanymyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleri, özgertmeleri, ýaş nesillerimiziň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndaky ornuny beýan edýän eserleri ýüze çykarmak, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde döredijilik bilen meşgullanýan raýatlaryň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan edýär.
Bäsleşigiň maksady
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak, dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny giňden wagyz etmek, 2024-nji ýylyň «Pähim — paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegini, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny hem-de TDP-niň döredilmeginiň 33 ýyllygyny dabaralandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda bagtyýarlyk döwrümizde Ata Watanymyzda gazanylýan ägirt uly üstünlikleri, beýik işleri, türkmen bitaraplygynyň syýasy, ykdysady, taryhy ähmiýetini, ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, sungatynyň ösüşini, milli mirasymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek, türkmen sportunyň abraýyny arşa götermek, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak barada amala aşyrylýan işleri joşgunly wasp etmekden;
– okyjylar köpçüligini, döredijilik işgärlerini mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, mähriban Watanymyzy, buýsançly geçmişimizi, şanly şu günümizi, eşretli ertirimizi, hormatly Prezidentimiziň taryhy başlangyçlaryny, durmuşa geçirýän beýik işlerini, ýaş nesillerimiziň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyndaky ornunyň has-da ýokarlandyrylmagy, olaryň halkymyzyň ruhy-ahlak däpleri, watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenmegi, jemgyýetçilik-syýasy işjeňliginiň, şahsy başlangyçlarynyň goldanylmagy we höweslendirilmegi, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny öwrenmek, wagyz etmek barada alnyp barylýan işleri wasp edýän eserleri döretmäge höweslendirmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň esasy şertleri
1. Bäsleşige gatnaşyjylar dürli ugurlar boýunça ýazan çeper we publisistik işlerini (publisistika, çeper döredijilik we goşgular toplumyny) bäsleşige hödürläp bilerler.
2. Bäsleşige gatnaşyjylar döreden eserlerini «Ýörite bäsleşige» diýen ýazgy bilen hödürläp, ýanyna özleri hakyndaky maglumatlary (ady, familiýasy, okaýan, işleýän we ýaşaýan ýeriniň salgysy, iş, öý ýa-da el telefony) goşmalydyrlar.
3. Bäsleşige hödürlenen makalalar, oçerkler, hekaýalar, goşgular toplumy ýörite düzülen eminler topary tarapyndan gözden geçirilip, ýeňijiler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň we «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň bilelikdäki mejlisinde tassyklanylar.
4. Bäsleşigiň jemleri 2024-nji ýylyň dekabr aýynda jemlenilýär.
Bäsleşigiň ýeňijileri TDP-niň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary hem-de «Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň Hormat hatlary bilen sylaglanylar.
Bäsleşikde şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär.
Publisistika (makalalar, oçerkler, we beýlekiler ) boýunça
3 sany baýrak.
Çeper döredijilik (hekaýatlar, rowaýatlar, tymsallar we beýlekiler) boýunça
3 sany baýrak.
Goşgular toplumy boýunça
3 sany baýrak.
Şeýle hem bäsleşige işjeň gatnaşanlaryň 6-syna höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Guramaçylyk topary.
Teswirler