Türkmen alymlary Magtymgulynyň mirasyny öwrenmek üçin Hindistanda gulluk iş saparynda bolarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri Magtymguly Pyragynyň döwri, ömri we döredijilik ýoly barada täze taryhy maglumatlary gözlemek üçin Hindistanda gulluk iş saparynda bolarlar.

21-nji ýanwardan 9-njy fewral aralygynda Institutyň bölüm müdiri Geldimyrat Muhammedow we ylmy işgär Annaoraz Nurmuhammedow ozal belli bolmadyk we ylmy gymmatlygy bolan çeşmeleri ýüze çykarmak, şeýle hem olaryň ýokary hilli reňkli elektron nusgalaryny almak üçin Hindistanda muzeý, kitap hem-de golýazma gorlaryny öwrenerler. Hususan-da, alymlar Nýu-Delidäki Hindistanyň Milli muzeýiniň, Rampurdaky Raza kitaphanasynyň, Bangiýa Sahitýa Parişat edebiýat jemgyýetiniň we Kalkutta şäherindäki Aziýa jemgyýetiniň gorlaryny öwrenerler.

Ýeri gelende belläp geçsek, bu gulluk iş sapary türkmen halkynyň görnükli şahsyýetleri, taryhy we medeni mirasy barada golýazmalaryň nusgalaryny, gymmatly maglumatlaryň beýleki çeşmelerini gözlemek hem-de Türkmenistana getirmek boýunça türkmen alymlarynyň Hindistana dördünji ylmy wezipesi bolar. On ýyl mundan öň, ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllyk ýubileýiniň bellenilýän günlerinde türkmen hünärmenleri tarapyndan gymmatly taryhy çeşmeleriň ýüze golaý nusgasy getirildi.

Aýlar TÖRÄÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok