Şygyrlaryň kalba joşgun Pyragy!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda halkymyzyň agzybir, asuda hem abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda yzygiderli aladalar edilýär. Türkmenistan ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, edebiýatymyzyň pajarlap ösmegine gönükdirilen möhüm ähmiýetli işler hem barha ilerleýär. Beýik şahyr, söz ussady Pyragynyň adamzat kowmunyň ömrüne hem-de ýoluna nur paýlaýan, halklary birek-birege ýakynlaşdyrýan, ölmez-ýitmez eserleri ylmy esasda içgin öwrenilýär. Şahyryň döredijiligine, edebi-mirasyna uly sarpa goýulýar. Halkara derejesinde jemgyýetçiligiň ünsüni çekýän söz ussadynyň edebi mirasy dünýä derejesinde wagyz edilýär, bu ugurda dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hem medeni hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen atlandyrylmagy hem ýöne ýerden däl, çünki bu ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda baýram ediler. Bagtyýar türkmen halky bu gün beýik akyldar, öz döwrüniň beýik şahsyýeti bolan Magtymguly Pyragynyň agzybirligi, asudalygy, jebisligi, abadançylygy, ynsanperwerlik, terbiýeçilik we millilik, halallygy, watansöýüjiligi ündeýän eserlerine uly hormat goýýar, ýaşlaryň durmuşyna ornaşdyrmak, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz edilmegi ugrunda uly işler ýola goýulýar. Pyragynyň bahasyna ýetip bolmajak edebi döredijiligi şahyrlaryň şygyr setirlerinde hem wasp edilýär:

Watanyn, halkyny janyndan söýen,
Agzybir, jebis il arzuwlap gezen,
Watana söýgüsi süňňüne guýlan,
Şygyrlaryň kalba joşgun Pyragy,
Şanly toýuň gutly bolsun Pyragy!

Şeýle bagtyýar döwürde, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli mirasymyzy, medeniýetimizi, edebiýatymyzy ösdürmek, dana Pyragynyň gymmatly eserlerini dünýä ýaýmak we ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek ugrunda beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok